şu gün — 4-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy. Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işleri boýunça wekili Mohamed Said Mohamed Al-Ariki bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, Mohamed Said Mohamed Al-Ariki Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna wagt tapyp duşuşandygy üçin hoşallyk bildirip, tutuş dünýäde belent abraýa eýe bolan Türkmenistan bilen ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. — Ýurdumyz gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — daşary ýurt döwletleri hem-de oňyn iş tejribesine we innowasion işläp taýýarlamalaryna eýe bolan aýry-aýry kompaniýalar bilen netijeli gatnaşyklar üçin hemişe açykdyr — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy duşuşykda nygtady. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri BAE şu gezekki saparyň barşynda geljegi uly ugurlarynyň ençemesi boýunça özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly şertleriň dörediljekdigine ynam bildirdi. Söhbetdeşlikde söwda-ykdysady, bank-maliýe, ýangyç-energetika ulgamlary türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ulag-kommunikasiýa ulgamynyň hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biridigi bellenildi. BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işleri boýunça wekili türkmen halkynyň Milli Liderine şu saparyň çäklerinde geçiriljek, türkmen-emirlikler ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam etjek duşuşyklaryň netijeli bolmagyny arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir