Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BAE amala aşyrýan saparynyň çäklerinde şu gün — 4-nji ýanwarda bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Türkmenistanyň BAE bilen ozaldan bäri ysnyşykly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi hem-de bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Iş maslahatynyň dowamynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de «Gündogar — Günbatar» we «Demirgazyk — Günorta» ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag-üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine hem garaldy. Şunda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň ulag ulgamynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda howa ýollaryny yzygiderli ösdürýändigi, Aşgabat — Dubaý — Aşgabat gatnawynyň ugry boýunça gatnawlaryň ýola goýlandygy, ertir — 5-nji ýanwarda bolsa Abu-Dabä ilkinji ýolagçy uçarynyň uçuşynyň amala aşyryljakdygy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, munuň özi BAE bilen döwletara gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygyna şaýatlyk edýär. Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet daşary-ykdysady iş bankynyň özgertmeleri üstünlikli amala aşyryp, BAE-niň iri banklary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleri bilen köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtap, bu ugurda görülýän çäreleri hemişe gözegçilikde saklamak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir