Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy täze — 2024-nji ýyl bilen gutlady. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen gutlagda şeýle diýilýär: «2023-nji ýylda biz hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we ösdürmek üçin uly işleri durmuşa geçirdik. Ýola goýlan dostlukly gatnaşyklar, işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk raýatlarymyzyň abadançylygynyň bähbidine döredijilikli işlerde ýokary netijeleri gazanmak üçin binýat bolup hyzmat edýär. Geljekde-de bize möhüm wakalaryň we bilelikdäki täze taslamalaryň garaşýandygyna ynanýaryn. Size berk jan saglyk, güýç-gaýrat, rowaçlyk, ähli başlangyçlaryňyzda üstünlikleri arzuw edýärin. Goý, Täze ýyl baýramçylygy Size rahatlyk, ruhubelentlik, ýakynlaryňyz bilen şatlykly pursatlary bagyşlasyn!».

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir