Abu-Dabä iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu gün — 4-nji ýanwarda, günüň ikinji ýarymynda BAE-niň Prezidentiniň «Al Şatiýe» köşgünde Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşygy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, ynanyşmak, dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler taraplaryň iki döwletiň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine däp bolan gatnaşyklary ösdürmäge mundan beýläk-de uly üns bermäge meýillidigini tassykladylar. BAE-niň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny mähirli mübärekläp, ähli ugurlar boýunça uly mümkinçiliklere eýe bolan köpýyllyk döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi we pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Liderine däp bolan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge berýän aýratyn ünsi hem-de goldawy üçin hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BAE-niň Prezidentine mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, oňa Prezident Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny hem-de hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň geçen ýylyň dekabrynda Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparyny aýratyn mähirli duýgular bilen ýatlaýandygy bellenildi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu saparyň iki halkyň arasyndaky ýakyn, ynanyşykly we özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirip, Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany ýakynda Dubaý şäherinde ýokary derejede guralan Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 28-nji mejlisiniň (COP28) üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. — Birleşen Arap Emirlikleri biziň dostumyzdyr, ygtybarly ykdysady we söwda hyzmatdaşymyzdyr, şeýle hem häzirki döwrüň köp sanly örän möhüm soraglaryny çözmekde pikirdeşimizdir — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, Türkmenistanyň öňe sürýän, durnukly we ählumumy ösüşe gönükdirilen ähli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini belledi. Şeýle-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde energetika, ulag we kommunikasiýa, senagat we agrosenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlaryň bardygy hakynda aýdyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy geljegi uly ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek babatda täze anyk başlangyçlary beýan edip, tiz wagtda iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin, olaryň emirlikler tarapyndan doly goldawa mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi. Söhbetdeşlikde ylym, medeniýet we sport ugurlary boýunça ýola goýlan döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Şunlukda, ozal gazanylan ylalaşyklar seljerilip, degişli karara gelindi. Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we BAE-niň Prezidenti mähirli hoşlaşyp, ýola goýlan netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler we iki ýurduň halklaryna bagtyýarlyk, parahatçylyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary dowam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir