Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkezi (HHM) geçen ýyly öz alyp baran işleriniň netijelerinde gazanan üstünlikleri bilen jemledi. Bu barada merkeziň resmi saýtynda habar berilýär. Ýylyň dowamynda Halkara habarlar merkezi tarapyndan CGTN teleýaýlymyna 102, CGTN habarlar platformasyna 198, ASIAVISION habarlar platformasyna 444, МИР 24 teleýaýlymyna 716, РОССИЯ 24 teleýaýlymyna 664 habar, Большая Азия teleýaýlymyna we beýlekilere ýüzlerçe habarlar iberildi. Şeýle hem olaryň halkara media giňişliginde beýan edilmegi gazanyldy. RT DOC TV teleýaýlymy tarapyndan Ahalteke atlary baradaky dokumental film taýýarlanyldy. Şeýle hem, HHM-niň goldawy bilen Ispaniýada we Ýaponiýada teleýaýlymlar üçin Türkmenistan barada dokumental filmler taýýarlandy. Geçen ýylyň noýabr aýynda Pekinde CCTV (CCTV+) wideo habar gullugy tarapyndan guralan «Umumy geljege garaýyş» atly bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Halkara habarlar merkezi «Ýüpek ýolunyň ajaýyp taryhy» atly gysga wideosy bilen gatnaşyp, bäsleşigiň «Ýüpek ýolunyň görnükli taryhy» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir