Lebap welaýatynyň günorta-gündogar künjeginde ýerleşýän «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdanyna ýygnanýan suwuň möçberini artdyrmak üçin uly tagallalar edilýär. Amyderýanyň mele suwuny howdana eltýän iki akabany çuňlaşdyrmak we gyrmançalardan arassalamak üçin läbik sorujy hem-de akaba gazyjy tehnikalaryň 10-a golaýy öndürijilikli işledilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Netijede, Amyderýanyň suwunyň peselýän häzirki günlerinde howdana barýan suwy başdaky derejesinde saklamak gazanylýar. Şunda esasy maksat howdana toplanýan suwuň möçberini 3 milliard 850 million kub metre ýetirmekdir. «Beaver» kysymly döwrebap läbik sorujylar hem sagatda 2 müň kub metr gyrmançany kenara çykaryp, bu işde esasy daýanç bolup hyzmat edýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir