Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow «Arzuwlaryň arçasy» atly bütinrussiýa tutumynyň çäklerinde Anastasiýa atly gyzjagazyň sowallaryna beren jogabynda kelemli çorbany hem-de sirkeli we ajyhurşly böregi halaýandygyny gürrüň berdi. Onuň sözlerini TASS habarlar gullugy getirdi. «Gaýmakly däl-de, sirkeli we ajyhurçly böregi halaýaryn. Ilkinji äberilýän naharlardan bolsa, elbetde, kelemli çorba» diýip, rus diplomatiýasynyň başlygy nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir