Türkmenistanyň howa ýollary Aşgabatdan Milana (Italiýa), Kuala-Lumpura (Malaýziýa), Jidda (Saud Arabystany) we Hoşimine (Wýetnam) uçuşlaryny dowam etdirer. Muny turkmenistanairlines.tm web sahypasyndaky täzelenen maglumatlar görkezýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtyndan Jidda (4322.5 TMT) we Hoşimin 6002.5 TMT) uçuşlaryna petekleriň onlaýn satuwy başlandy. Täze ugurlar boýunça ilkinji uçuşlar 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda meýilleşdirilýär. 5-nji ýanwardan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat — Abu Dabi — Aşgabat şäherlerine yzygiderli göni gatnawlara başlajakdygyny ýatladýarys. Şeýlelikde, şu ýyl türkmen awiakompaniýalary 12 ýurtda 14 halkara ugurda uçuş amala aşyrar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir