Aşgabadyň Halkara howa menziline Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Milli maksatnamasyna laýyklykda, «Boeing 777-300 ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi. Bu uçar soňky wagtlarda türkmen awiakompaniýasynyň düzümine goşulan ikinji uçardyr. Birinji howa gämisi 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-ne Aşgabada getirilipdi. Ol häzirki wagtda Aşgabat — Bangkok ugry boýunça gatnawy amala aşyrýar. Ikinji döwrebap howa gämisi 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyply. Onda 2 sany «GE90-115BL2» görnüşli hereketlendiriji ornaşdyrylan. Bu uçaryň uçuş uzaklygy 11 390 km deň bolup, ol 40 tonna çenli göwrümli ýük bilen halkara gatnawlary bökdençsiz ýerine ýetirip bilýär. Ikinji döwrebap howa gämisi hem ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanyp, onuň orunlarynyň 40-sy biznes, 32-si premium-ekonom, 296-sy bolsa ekonom-klasa degişlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir