Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we «Arkadag» futbol toparynyň derwezeçisi Resul Çaryýew Merkezi Aziýanyň iň gymmat bahaly derwezeçileriniň sanawynda altynjy orna düşdi. Germaniýanyň «Transfermarket» portaly türkmenistanly derwezeçä 175 müň ýewro baha kesýär. Portala görä, Täjigistanyň «Istiklolynyň» derwezeçisi Rustam Ýatimow Merkezi Aziýada iň gymmat bahaly derwezeçidir. Onuň transfer bahasy 900 müň ýewro ýetýär. Ikinji orunda Özbegistanyň «Kokand 1912» toparynyň derwezeçisi Utkir Ýusubow bilen «Nasafyň» derwezeçisi Abduwohid Nematow bar. «Transfermarkt» iki derwezeçä hem 700 müň ýewro baha kesýär. Sanawyň dördünji ornunda Gazagystanyň «Şahtýorynyň» derwezeçisi Igor Şaskiý (600 müň ýewro), bäşinji orunda bolsa «Şanlyurfasporuň» (Türkiýe) gyrgyzystanly derwezeçisi Eržan Totkotaýew (300 müň ýewro) bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir