Dünýäniň 301-nji raketkasy Emma Radukanu ýylyň ilkinji Uly tuwulgasy bolan Awstraliýanyň açyk çempionatyna gatnaşar. Bu amerikaly Lowren Dewisiň ýaryşa gatnaşyp bilmezligi bilen mümkin boldy. Ýeri gelende aýtsak, Beýik Britaniýaly tennisçi şu hepde sporta gaýtadan gaýdyp geldi. Ol elinden operasiýa geçirip, uzak wagtlap kortlardan uzak galypdy. US Open ― 2021-iň ýeňijisi soňky gezek Täze Zelandiýanyň Oklend şäherinde geçirilen ýaryşa gatnaşypdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir