Tennis boýunça Uly tuwulga tapgyryna girýän Awstraliýanyň açyk çempionatynyň öňüsyrasynda geçirilýän «United Cup» ýaryşynda ýarymfinalçylar belli boldy. Çärýekfinalda Awstraliýanyň milli ýygyndysy düzümine dünýäniň birinji raketkasy Nowak Jokowiç hem bolan Serbiýany 3:0 hasabynda ýeňdi. Jübütleýin duşuşyklarda awstraliýaly Storm Hanter bilen Mettýu Ebden Serbiýanyň Deýan Radanowiç ― Nikola Çaçiç jübütini 6/3, 6/3 hasaby bilen ýeňdi. Ýekelikdäki duşuşyklar hem ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Olarda Hanter ― Ebden jübüti 3, deýan ― Nikola jübüti bolsa 4 gezek eýs urgusyny amala aşyrdy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir