Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýrese düşen harasat şäheriň esasy nyşanlarynyň birini – «Floralis Genérica» mehaniki gülüni döwdi diýip, TASS habar berdi. Arhitektor Eduardo Katalano tarapyndan poslamaýan polatdan we alýuminden ýasalyp, şähere sowgat berlen «Floralis Genérica» 2002-nji ýylda bina edildi. Beýikligi 20 metr, agramy 18 tonna bolan gül şekili ýörite gidrawliki ulgamyň kömegi bilen her gün açylyp ýapylmalydy, emma soňky ýyllarda gurluşyna zeper ýetmegi bilen baglylykda, ol kä açylan, kä ýapyk ýagdaýda hereketsiz galýardy. Güýçli harasat netijesinde, indi äpet gülüň ýapraklarynyň biri döwlüp, ýere gaçdy. Gara ýel Buenos-Aýresde ýüzlerçe agaçlary ýykdy, paýtagtyň howa menzilleriniň biriniň işi togtadyldy. Sebitde otlularyň hereketi bozuldy, binalaryň üçeklerini ýel äkitdi, ýarym milliona golaý adam elektriksiz galdy diýlip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir