Pakistanda ilkinji gezek emeli ýagyş ýagdyryldy diýip, «24KZ» habar berýär. Munuň üçin ýörite enjamlaşdyrylan uçarlar adatça dünýäde iň hapa howaly şäher diýlip atlandyrylýan Lahoryň etraplarynyň 10-synyň üstünden uçup geçdiler. Bu enjamlary Pakistanyň Birleşen Arap Emirliklerinden alandygy habar berilýär. Indi hünärmenler emeli ýagynyň täsirliligi barada maglumatlary öwrenýärler. Soňky ýyllarda Pakistanda howanyň hili barha ýaramazlaşýar. Howada pes hilli dizel ýangyjynyň bugy we möwsümleýin hasyl ýygnalan meýdanlaryň ýakylmagyndan döreýän tüsse köp toplanýar. BAE-de emeli ýagyş guraklyga garşy göreşmek üçin ulanylýar. Pakistanda bu çäreler howany arassalamaga kömek eder diýlip garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir