Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow döwlet baýdagynyň üýtgedilýändigi barada Kanuna gol çekdi diýip, döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi. Bu hakynda «Interfax.ru» ýazýar. Täze Kanun bilen ýurduň baýdagyndaky Gün şöhleleriniň tolkun şekilli görnüşi göni şekilde üýtgedildi. Kanuna görä, döwlet baýdagynyň şekili ýerleşdirilen resminamalaryň ähli görnüşi olaryň ulanylyş möhleti tamamlanýança, awtoulag serişdeleriniň belgileri we ulag serişdelerini hasaba almak bolsa, degişli edara olary çalyşmak barada çözgüt kabul edýänçä hereket edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir