Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň medeniýet we sungat işgärleri bilen duşuşdy. Onda döwlet Baştutany ähli ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyrdy diýip, «MIR 24» ýazýar. «Biz öň öz maksatlaryny we bähbitlerini diplomatiýanyň hem-de syýasatyň üsti bilen goran dünýäniň güýçli merkezleriniň indi açyk basyş, gapma-garşylyk ýoluna düşendiginiň şaýatlary bolýarys» diýen özbek Lideriniň sözlerini onuň metbugat kätibi Şerzod Asadow öz Telegram-sahypasynda getirýär. Şawkat Mirziýoýewiň sözlerine görä, dünýäde bolup geçýän wakalar Merkezi Aziýa ýurtlaryndan hem sowa geçmedi. «Emele gelen çylşyrymly ýagdaýda Özbegistanyň bähbitlerine laýyk gelýän dogry ýoly tapmak ýeňil däl» diýip, Mirziýoýew nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir