Hytaýly arheologlar ýurduň Henan ülkesiniň Sinçžen şäherindäki Peýligan duralgasynda geçirilen gazuw-agtaryşlar wagtynda gadymy çüýşe tapdylar. Onuň azyndan 7700 ýyl ýaşy bar diýip, alymlar hasaplaýarlar. Bu barada «Sinhua» habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar. Gabyň inçejik boýny we gitdigiçe çürelýän düýbi bar, ol bu görnüşdäki tapyndylaryň iň gadymysy hasaplanýar. Ol Ýanşao döwrüniň medeni däplerine degişli bolmaly diýip, alymlar belleýärler. Çüýşäniň boýy 10 santimetrden geçýär, özem diýseň ykjam görünýär. Emma ol göwrümi babatda öň bu gadymy döwre degişli tapyndylardan diýseň kiçi diýip, hünärmenler aýdýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir