Laplandiýada jahankeşdelik möwsümi gyzyşýar diýip, «24KZ» ýazýar. Bu ýyl olaryň sany pandemiýadan öňki döwürdäkiden hem artar diýlip, garaşylýar. Laplandiýanyň medeni paýtagty Rowaniýemi şäheriniň howa menzili çakdanaşa köp adamly, sebäbi jahankeşdeleriň on müňlerçesi Täze ýyly Santa-Klausyň mekanynda garşylamak isleýärler. Laplandiýada myhmanlary baýramçylykda begendirere ýer köp, olaryň biri Santa-Parky, ak aýyly we sugunly haýwanat baglary, demirgazyk şapagyna syn etmek we balyk tutmak. Bir sözde aýdylanda, sebit hiç kimi parhsyz goýmaz. Dört ýylda jahankeşdelik Laplandiýa 400 million dollardan hem köp girdeji getirdi. Emma ýurduň häkimiýetleri bu sany öňdäki bäş ýylda 600 milliona ýetirmegi maksat edinýärler, şunda esasy paý ýewropaly we aziýaly jahankeşdelere degişlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir