Daniýanyň demirgazygyndaky suwa düşülýän ýerlerde müňlerçe aýakgap çaşyp ýatyr, olar Daniýanyň kompaniýasynyň gämisi «Piýa» harasady wagty harytly 46 sany konteýneri ýitireninden soňra peýda boldy diýip, «MIR 24» ýazýar. Gämi Germaniýanyň Bremerhafen şäherinden Polşanyň Gdansk şäherine barýardy, 22-nji dekabrda gämi Demirgazyk deňizde ýükli konteýnerleri ýitirdi. «Bu akylyňa sygjak zat däl. Niräňe baksaň, köwüş çaşyp ýatyr» diýip, ýerli DR teleýaýlymy deňiz inspektory Tosmas Duurloonyň sözlerini getirýär. Köwüşlerden başga bu ýerde lukmançylyk enjamlarydyr kiçeňräk tigirçekleriň tekerleri hem bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir