«Tesla» kompaniýasyna degişli bolan robot hatardan çykdy we Ostin şäheriniň golaýyndaky Giga Texas zawodynyň işgärine hüjüm etdi. Bu barada «Daily Mail» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi. Neşiriň habaryna görä, «maşyn öz metal penjelerini ulanyp, işçä hüjüm etdi». Netijede, ol erkek kişiniň arkasyna we ellerine ýara saldy. Habarda şeýle-de iki işgäriň enjamyň hereketini görenlerinde, gaty gorkandygy aýdylýar. Robot awtoulagyň guýlan alýumin detallaryny alyp geçirmek üçin niýetlenipdir. Kompaniýanyň işgärleriň önümçilikde alan şikesleri baradaky hasabatynda 2022-nji ýylyň dowamynda Giga Texas awtoulag kärhanasynyň her 21-nji işgäriniň iş ýerinde şikes alandygy habar berilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir