2024-nji ýylyň iýulynda «Golden Books» neşirýaty «Disney» kompaniýasynyň ýardam bermeginde çagalar üçin «A Is for Alien: An ABC Book» atly elipbiýi neşir eder. Elipbiý kitaby Ridli Skottuň nusgawy «Keseki» horror filmine bagyşlanyp, ol filmiň gahrymany Ellen Ripliniň we onuň pişiginiň başdangeçirmeleri barada gürrüň berer diýip, Film.ru habar berýär. Bu kitap 2 – 5 ýaş aralygyndaky çagalar üçin niýetlener. Çagalar onuň mazmunyndan hem harplary öwrenip bilerler, şol bir wagtyň özünde hem kosmosdaky ksenomorfdan habarly bolarlar. Ridli Skottuň «Kesekisi» 1979-njy ýylda çykdy we kino sungatynyň taryhynda iň täsirli hem-de şowly filmleriň biri boldy. Film birnäçe sikwele we spin-offlara eýe bolup, 2024-nji ýylda bolsa «Disney» «Keseki: Romul» atly filmi çykarar. Onuň baş gahrymanlary ýetginjekler bolarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir