Täze ýylyň öňüsyrasynda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Onuň duşuşyklary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda guraldy. 100-den gowrak türgeniň (58 oglan, 45 gyz) gatnaşmagynda geçirilen ýaryş janköýerleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. Ýaryşyň ýaş tennisçiler bilen birlikde, professionallaryň hem onlarçasyny jemländigini bellemek gerek. Abraýly ýaryşlarda uly üstünlige ýeten tennisçileriň çykyş etmegi bolsa Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň has-da dartgynlylygyny şertlendirdi. Nobatdaky ýaryş hem ajaýyp duşuşyklara baý boldy. Dartgynly duşuşyklaryň jemlenmegi bilen Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy guraldy.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir