2023-nji ýylda türkmenistanly tennisçiler halkara ýaryşlarynda 39 medal gazandylar. Olaryň 12-si altyn, 10-sy kümüş, 17-si bürünç medaldyr. Bu barada ýurduň Tennis federasiýasynyň 2023-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen hasabat-maslahatynda maglumat berildi. Maslahatyň işine federasiýanyň agzalary, tälimçiler, türgenler, hemaýatkärler gatnaşdy. Türkmen tennisçileriniň 2023-nji ýylda gatnaşan halkara ýaryşlarynyň arasynda 12 ýaşa çenli çagalaryň gatnaşmagynda geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionaty hem bar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir