Eýranyň Futbol federasiýasy milli ýygyndynyň türkmen hüjümçisi Serdar Azmunyň Aziýanyň kubogyna gatnaşmagy üçin rugsat sorap, Italiýanyň «Roma» klubyna resmi hat ýollady. Yklym ýaryşy 12-nji ýanwar ― 10-njy fewral aralygynda Katarda geçiriler. Italiýanyň kluby resmi razylyk berensoň, Serdar Azmun milli ýygynda goşulyp biler. 1-nji ýanwarda 29 ýaşyny dolduran eýranly türkmen «Romanyň» gatnaşan ähli ýaryşlarynda 13 duşuşyk geçirip, olarda bir gezek tapawutlandy. Eýranyň ýygyndysynyň toparçalaýyn tapgyrda BAE-niň, Gonkongyň we Palestinanyň ýygyndylary bilen duşuşjakdygyny ýatladýarys.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir