2023-nji ýyl AI (emeliň aň) ýyly diýip atlandyryp bolar. Çünki bu ugurda innowasiýanyň tizligi kimler üçin ýokary bolsa, kimler üçin howatyrly boldy. Emma soňky gözlegler howatyrlanmanyň adamlaryň AI-e kömek sorap ýüz tutmagyna böwet bolmaýandygyny tassyklaýar. Onlaýn mazmun ýazýan Writerbuddy.ai kompaniýasy tarapyndan geçirilen pikir soraşmanyň netijesine görä, 2022-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2023-nji ýylyň awgust aýyna çenli ChatGPT-e 14 milliarddan gowrak adam giripdir. Writerbuddy haýsysynyň has köp ulanylandygyny kesgitlemek üçin 3000-den gowrak AI guralyny derňedi. Jemi 24 milliard sapar iň gowy 50 AI guralyna girildi. Belläp geçsek, ulanyjylaryň aglabasy erkeklerdir. Ine iň meşhur 10 gural: ChatGPT - 14,6 milliard gezek ulanyldy; Character.ai - 3,8 milliard; Quillbot - 1,1 milliard; Midjourney - 500,4 million; Hugging Face - 316,6 million; Bard - 241,6 million; NovelAI - 238,7 million; Capcut - 203,8 million; Janitor AI - 192,4 million; Civitai - 177,2 million