2023-nji ýylda dünýäniň iň baý 500 adamynyň umumy baýlygy 1,5 trln dollar ýokarlandy. Bloomberg Billionaires reýtinginde Tesla-nyň ýolbaşçysy Ilon Mask birinji orny yzyna gaýdyp aldy. Bu barada interfax.ru habar berýär. Şu ýyl Maskyň baýlygy Tesla-nyň paýnamalarynyň 105% gymmatlamagy netijesinde 95,4 mlrd dollar artyp, 232,393 mlrd dollara ýetdi. Şeýlelikde, ol bir ýyl ozal reýtingde birinji orny eýelän fransiýaly milliarder Bernar Arnodan öňe geçdi. Şu ýyl Arnonyň LVMH kompaniýasynyň paýnamalary 8,4% ýokarlandy. Arnonyň baýlygy 178,979 mlrd dollara barabar. Amazon.com Inc. kompaniýasynyň esaslandyryjy Jeff Bezos şu ýyl öz baýlygyny 70 mlrd dollar artdyrdy we häzirki wagtda ol Arno bilen deň derejede diýen ýalydyr. Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýtsiň baýlygy 2023-nji ýylda 140,511 mlrd dollara çenli, kompaniýanyň öňki baş müdiri Stiw Balmeriň baýlygy 130,529 mlrd dollara çenli artdy. Geýts bilen Balmer reýtingde ilkinji bäşligi jemleýär. Hindistanly milliarder we Adani Group kompaniýasynyň eýesi Gautam Adani Hindenburg Research tarapyndan bazar manipulýasiýalarynda we hasabat galplyklarynda aýyplamalar netijesinde 2023-nji ýylyň jemi boýunça 37,3 mlrd dollar ýitirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir