L’Oreal kosmetika kompaniýasynyň mirasdüşeri Fransuaza Betankur Maýers dünýäde baýlygy 100 mlrd dollara ýeten ilkinji zenan boldy. Report agentliginiň Bloomberg-e salgylanyp habar bermegine görä, onuň baýlygy 100,2 mlrd dollara çenli ýokarlandy. Şeýle ösüşe 1909-njy ýylda onuň atasy tarapyndan esaslandyrylan L’Oreal kompaniýasynyň paýnamalarynyň rekord derejeli ýokary bahasy ýardam etdi. 70 ýaşly Fransuaza Betankur Maýers bahasy 268 mlrd dollar bolan kompaniýanyň başlygynyň orunbasary wezipesini eýeleýär. Ol we onuň maşgalasy paýnamalaryň 35%-ine eýeçilik edýär. L’Oreal-yň mirasdüşeri “Forbes” žurnalynyň garaýşy boýunça 2021, 2022 we 2023-nji ýyllarda üç gezek dünýäniň iň baý zenany diýlip hasaplandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir