Amerikanyň Google kompaniýasy Google Chrome brauzeriniň ulanyjylarynyň maglumatlaryny gizlin ýygnamaklygy bilen bagly azyndan 5 milliard dollarlyk kazyýet işi boýunça ylalaşyga gelmek üçin deslapky çözgüdi tapdy. Bu barada Reuters habarlar gullugy arzaçylaryň we günäkärlenýäniň aklawçylaryna salgylanyp habar berdi. Ylalaşygyň şertleri aýan edilmedi, ýöne aklawçylar Google-yň talaplaryň hökmany sanawyna razydygyny aýtdy. Ol 2024-nji ýylyň 24-nji fewralynda kazyýetiň tassyklamagyna hödürlener. Arza berijileriň arzasyna görä, Google-yň programmalary Google Chrome brauzerini şahsy "inkognite" brauzer režimine geçenlerinde-de, ulanyjylaryň işjeňligini yzarlamaga mümkinçilik berdi. Şeýlelik bilen kärhana ulanyjylaryň dostlary, güýmenjeleri, halaýan iýmitleri, sarp ediş endikleri we adamlaryň internetde gözleýän "ähtimal utandyryjy zatlary" baradaky maglumatlary alyp bilerdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir