Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy öz smartfonlaryny kompýuter bilen birikdirmek üçin SamsungPhone ykjam goşundysyny çykardy. Bu ykjam goşundy smartfonyň doly mümkinçiliklerini göni Windows 10 ýa-da Windows 11 bilen işleýän kompýuterde ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, SamsungPhone programmasyny ulanyp, Samsung Galaxy smartfonyny kompýutere birikdirip, ulanyjylar jaň edip, habar ýazyp, habarnamalary alyp we iki enjamyň arasynda faýl geçirip bilerler. Ulanyjylar surat galereýasyna, belliklere, kontaktlaryň sanawyna we başga-da köp tanyş funksiýalara girip bilerler. Häzirki wagtda SamsungPhone programmasy diňe Microsoft Store-da Galaxy Book noutbuklary üçin elýeterlidir, ýöne geljekde kompaniýa programmanyň gerimini hökman giňelder. Samsung, haýsy ýurtda ulanylýandygyna baglylykda, işleýşiniň üýtgäp biljekdigini belleýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir