Hytaý 2023-nji ýylyň jemi boýunça Russiýanyň we Meksikanyň bazarlaryna üpjünçiligiň ýokarlanmagy netijesinde dünýäniň iň uly awtoulag eksportçysy bolar. Bu barada “Nikkei” gazetine salgylanyp, TASS habar berýär. Hytaýyň awtoöndürijiler assosiasiýasynyň deslapky maglumatlaryna görä, ýanwar aýyndan noýabr aýy aralygynda HHR-de ýygnalan awtomobilleriň eksporty ýyllyk aňlatmasynda 58,4% ýokarlanyp, 4,41 mln birlige barabar boldy. Şol döwürde Ýaponiýa üçin bu görkeziji 3,99 mln awtomobil boldy we ýylyň jemi boýunça eksportyň umumy möçberiniň 4,3 mln birlik bolmagyna garaşylýar. Soňky ýyllarda Ýaponiýa dünýäniň awtomobil eksportçylarynyň reýtinginde birinji orny eýeledi, diňe 2016-njy ýylda Germaniýadan yza galdy. 2023-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda Hytaý RF-e 730 müňe golaý awtomobil iberdi, bu bolsa 2022-nji ýyldakydan ýedi esse köpdür. Russiýadan soň ikinji orunda Meksika ýerleşýär, bu ýerde hytaý awtomobilleri bilen üpjünçilik 71%, 330 müň birlige çenli ýokarlandy. Şeýle-de, Hytaý elektromobilleriň we alternatiw energiýa çeşmelerinde işleýän beýleki ulag serişdeleriniň global eksportyny ep-esli ýokarlandyrdy. Ýewropadan başga-da, hytaý elektromobilleri Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynda-da meşhurlyk gazanýar. Mysal üçin, elektrik hereketlendirijili hytaý awtoulaglarynyň Tailanda eksporty geçen ýylky görkezijiler bilen deňeşdirilende iki esse artdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir