TechCrunch-iň habaryna görä, Microsoft-yň emeli aň esasly Copilot çat-boty GenAI-yň Suno aýdym-saz hyzmaty bilen birleşmek arkaly aýdym ýazyp biler. Ulanyjylar “Maşgalaňyz bilen başdan geçirmeleriňiz hakda pop aýdymy dörediň” ýaly pikirleri Copilot-a girizip bilerler we Suno sözleri, sazlary we aýdymçylaryň sesleri bilen birlikde aýdym teklip eder. Copilot-yň ulanyjylary Microsoft Edge açmak, Microsoft hasabyna girmek we Suno plaginini açmak arkaly Suno integrasiýasyna girip bilerler. "Biz bu hyzmatdaşlygyň döredijilik we güýmenje üçin täze gözýetimleri açjakdygyna hem-de aýdym-saz döredijiliginiň hemmeler üçin elýeterli boljakdygyna ynanýarys" – diýip, işläp düzüjiler bellediler. Effekt döretmek üçin AI algoritmleri adam tarapyndan döredilen aýdym-sazda tälim alýar we muny hemme artist unap baranok, esasanam, kompozisiýalaryny nerw ulgamlarynyň ulanmagyna razylygyny bermedikler. Stability AI-niň GenAI ses bölüminiň başlygy emeli aňyň "döredijileri ekspluatasiýa edýändigini" aýdyp, işden çykdy we “Gremmi” saz baýragy bolsa AI tarapyndan döredilen ýazgylara garamagy düýbünden gadagan etdi. Suno nerw ulgamlarynyň taýýarlanýan çeşmelerini aýtmaýar, ulanyjylara talap hökmünde belli bir artistiň stilini girizmegi gadagan etmeýär. Şeýle-de bolsa, işläp düzüjiler käbir maslahatlary petiklemäge synanyşýandyklaryny aýdýarlar - modeller käbir artistleriň atlaryny tanamaýar we ulgam ulanyjylara kawerleri döretmek üçin bar bolan aýdymlara tekst ýüklemäge rugsat bermeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir