Nýu-Ýorkda amerikaly repçi Jay-Z-niň (hakyky ady Şon Kori Karter) doglan güni mynasybetli 4-nji dekabry Jay-Z-niň güni diýip yglan etmek isleýärler. Bu barada lenta.ru habar berýär. Şeýle teklip bilen Nýu-Ýorkyň şäher geňeşiniň agzalary çykyş etdiler. Repçi Bruklinde dünýä indi we Bedford-Staýwesant etrabynda ulaldy. Ol çagalykda ejesiniň bumboks enjamyny sowgat bermegi bilen aýdym-saza bolan söýgüsiniň dörändigini belleýär. Kanunyň taslamasynda şol günde zehinli MC, aýdymlaryň awtory we täzelikçi-telekeçi bolan Jay-Z-niň şanyna dabaralaryň guraljakdygy aýdylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir