ABŞ-nyň alymlary titreme arkaly işdäni azaldýan derman gerdejigini taýýarladylar. Bu titremeli gerdejik kabul edilýän iýmiti 40 göterim azaltmak bilen horlanmaga kömek edýär. Nahar iýlende aşgazan uzalyp, nerw ulgamy arkaly adam beýnisine signal iberilýär, şondan soň dokluk duýgusy ýüze çykýar. Alymlar tarapyndan döredilen derman gerdejiginiň yrgyldylary hem şol reseptorlara täsir edýär. Ol nahardan 20 minut öň kabul edilse, beýnide adamyň doýandygy baradaky duýgulary döredýär. Gerdejigiň ululygy adaty multiwitaminli gerdejigiňkä meňzeş we ol kiçijik kümüş oksidi batareýasy bilen işleýär. Titremäni işjeňleşdirýän elektron zynjyr aşgazan kislotasy bilen galtaşanda işläp başlaýar we onuň energiýasy 30 minuda ýetýär. Ondan soň gerdejik dört-bäş günüň içinde tebigy ýol bilen bedenden çykýar. Şeýle hem alymlar titremeli gerdejikleriň ulanylmagynyň iýmit siňdirişine we doýmaklyga sebäp bolýan C-peptid, peptid YY we GPP-1 gormonlarynyň derejesiniň ýokarlanmagyna täsir edendigini anykladylar. Şol bir wagtyň özünde, açlyk duýgusyna jogap berýän greliý gormonynyň derejesi azaldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir