«Akwamen we ýitirilen patyşalyk» filmi ilkinji dynç gününde ABŞ-nyň we Kanadanyň kinoteatrlarynda 28 million dollar gazanyp, Demirgazyk Amerikanyň prokatynda birinji orny eýeledi. Hünärmenler duşenbe gününi hem öz içine alýan Roždestwo baýramynda onuň jemi 40 million dollar toplajakdygyny çaklaýarlar. 200 million dollara golaý çykdajy eden film beýleki ýurtlarda ýene 80 million dollar gazanyp biler. «Wonka» mýuzikl filmi 17,7 million dollar gazanyp, Demirgazyk Amerikanyň prokatynda ikinji orna düşdi. Üçünji orny 12,3 million dollar görkeziji bilen «Migrasiýa» atly animasion filmi eýeledi. Emma Stounyň we Willem Defonyň baş keşbi janlandyrmaklarynda Ýorgos Lantimosyň «Görgüli betbagtlar» filmi 800 kinoteatrdan 2,1 million dollar gazandy. Ol şu möwsümiň dürli baýraklara esasy dalaşgärleriniň biridir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir