2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda «Çeburaşka» filminiň «Çeburaşka. Dynç güni» atly ýörite bölümi çykar. Bu barada TASS habar berýär. «Çeburaşka 2-ä» ýene iki ýyl töweregi garaşmaly, ýöne Gena bilen Çeburaşkanyň täze başdangeçirmelerini häzirden görmek isleýärsiň. Biz çykalga tapdyk we halaýan gahrymanymyzyň durmuşynyň bir güni barada kiçijik film döretdik» diýip, ssenaristleriň biri Witaliý Şlýappo aýtdy. Mini film 2023-nji ýylda surata düşürilen we Russiýanyň taryhynda iň köp girdeji gazanan film bolan «Çeburaşkanyň» döredijileri tarapyndan öndürildi. Ýörite bölüm çagalar we ene-atalar üçin Täze ýyl sowgadydyr. Döredijiler 2024-nji ýylda filmiň dowamyň bir bölegi däl-de, baş gahryman hakynda özbaşdak bir hekaýanyň çykjakdygyny nygtaýarlar. «Çeburaşka» atly maşgala komediýasy şu ýylyň iň gowy filmi boldy. Film 1-nji ýanwarda Russiýanyň kinoteatrlarynda çykdy we ýurduň taryhynda iň köp girdeji gazanan film boldy. Film kassa ýygymlary boýunça öňki rekordyň eýesinden – Klim Şipenkonyň 2019-njy ýylda 3,082 milliard rubl gazanan «Holop» filminden hem öňe geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir