Microsoft ahyrsoňy Windows-a köpden bäri garaşylýan zady girizdi: Windows 11 kompýuterdäki ähli ulanyjy faýllaryny ýatda saklap, özüni täzeden gurmagy öwrendi. Täze aýratynlyk OS-yň beta wersiýasynda amala aşyrylýar. Windows 11-i faýllary we sazlamalary ýatda saklamak bilen ozalam täzeden gurup bolýardy, ýöne Media Creation Tool-y ulanyp, bu işi ýerine ýetirmek beýlebir aňsadam däl. “Windows täzelenme merkeziniň kömegi bilen näsazlyklary düzeltmek” aýratynlygy Windows täzelenme merkeziniň kömegi bilen Windows 11-i täzeden gurýar. OS-yň beta wersiýasynda bu opsiýa “Sazlamalar”/“Ulgamy dikeltmek” bölüminde ýerleşýär, emma ol hemme ulanyjyda işjeň däl. Windows 11-iň sarp ediji wersiýasynda täze aýratynlyk 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda garaşylýan Windows 11 Moment 5 täzelenmesi bilen peýda bolup biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir