Hytaýda 2 litrlik Ecoboost hereketlendirijili Ford Mondeo 2024 çykdy. Gyzykly tarapy, sedanyň hereketlendirijisi 16 at güýjüne ýetdi, ýöne henizem “AI-92” benzini bilen doldurylmaga niýetlenendir. Bu iň esasy täzelik. Bir wagtlar iň meşhur “D” kysymly sedan üç sany bezeg derejesi bilen täze model ýylyna girdi: EcoBoost 245 Deluxe (25,2 müň dollar), EcoBoost 245 Extreme (28 müň dollar) we EcoBoost 245 ST-Line (30,5 müň dollar). Ulag indi özüne häsiýetli mawy reňkinde bolmaz, ýöne täze ýaşyl we açyk çal reňkleri peýda boldy. Top-wersiýalarynda üç ölçegli nagyşly täze radiator paneli bolar, ýöne smartfony açar hökmünde ulanmak ukyby ähli wersiýalaryndan ýitdi. Esasy wersiýasy adaptasiýa kruiz dolandyryşy bilen enjamlaşdyrylan, orta aralyk wersiýasynda öňdäki oturgyçlary gyzdyryjy bar we töwerekleýin görkezýän kamera bar, top wersiýasynda bolsa smartfon üçin simsiz zarýad beriji bar. Hereketlendiriji 8 tizlikli awtomatiki geçiriş bilen sazlanýar. Ortaça sarp ediş - 7,18 l / 100 km.