2023-nji ýylyň ahyry, 2024-nji ýylyň başy Aşgabatda güneşli, ýöne ýeterlik derejede salkyn howa bolar. Degişli maglumatlary Gismeteo howa maglumatlar portaly hödürledi. Şeýlelikde, geljek dynç günleri paýtagtymyzda howanyň temperaturasy +11...+14 gradus aralygynda bolar, ygal düşmez. Anna gününden howanyň temperaturasy birden pese düşer: eger şu gün temperatura +23 gradusa ýetýän bolsa, ertir ol +9 gradusa çenli peseler, gijesine azkem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, umuman, gün bulutly bolar we ol diňe günortana golaý açylar. Geljek ýylyň başynda hem howa bulutly bolar; howanyň temperaturasy +13...+14 gradusda saklanar, ygal ýagmaz. Gijelerine howanyň temperaturasy +2...+6 gradusa ýeter.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir