28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde geçirilýän dabara gatnaşýan çagalar Serdar Berdimuhamedowy ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutany ýaşajyk artistleriň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa etdi. Olar bu şanly güne öz Täze ýyl sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Uly şatlyk-şowhunda Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň ýatdan çykmajak pursady boldy. Gündogar senenamasynyň ýyllarynyň nyşanlary bolan towşanyň we luwuň lybasyny geýen çagalar döwlet Baştutanyndan özleri bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlanmagyny haýyş etdiler. Serdar Berdimuhamedow ýaşajyk artistlere ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de çagalar bilen bilelikde arçanyň daşyndan aýlanyp, olaryň şatlygyny paýlaşdy. Soňra dabara gatnaşan çagalaryň ählisine Täze ýyl sowgatlary gowşurylýar. Döwlet Baştutany çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir