28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýylyň jemlerine bagyşlanyp guralan köpugurly sergi bilen tanyşdy. Sergide Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň, Daşary işler ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň, medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynyň, ulag-kommunikasiýalar, maliýe-bank, nebitgaz toplumlarynyň, oba hojalygy, gurluşyk-senagat toplumynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň gazanan üstünlikleri giňden görkezilipdir. Serdar Berdimuhamedow köpugurly sergä gatnaşyjylara täze üstünlikleri arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir