28-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Söwda-senagat edarasynyň uly zalynda guralan Täze ýyl baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy. Bu ýerde guralan baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Hökümet agzalary öz çagalary hem-de agtyklary bilen geldiler. Şeýle-de Täze ýyl mynasybetli guralan dabara daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň daşary döwletlerdäki ilçileri öz çagalary bilen gatnaşdylar. Bu ýerdäki gözel arçanyň daşynda Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlary, Aýazbaba, Garpamyk, 2024-nji ýylyň nyşany bolan luw, baýramçylyk lybasly köp sanly ýaşajyk aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýygnanypdyrlar. Döwlet Baştutany estrada aýdymçylarynyň, teatr we sirk artistleriniň, tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň, zehinli çagalaryň, şol sanda çagalar baglarynda terbiýelenýänleriň çykyşlaryna tomaşa etdi. Baýramçylyk äheňinde bezelen sahnada Täze ýyla bagyşlanan şadyýan aýdymlaryň, sazlaryň, joşgunly tanslaryň utgaşmagynda täsirli pursatlara beslenen çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. “Güneş” çagalar hory, «Mukam» skripkaçylar topary, “Ruhubelent çagalar”, “Şowhun”, “Aýjan”, “Meňli”, “Dokmaçylar”, “Galkynyş” tans toparlary sahna meýdançasynda öz döredijilik sowgatlaryny görkezdiler. Döredijilik toparlary bilen birlikde, aýdymçylar hem sungatdaky başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň ählisi döwlet derejesindäki birnäçe bäsleşikleriň, halkara döredijilik festiwallarynyň hem ýeňijileridir. Olar Täze ýyl mynasybetli dünýä halklarynyň, türkmen kompozitorlarynyň, häzirki zaman aýdymlaryny, nusgawy eserleri, tans sazlaryny we folklor häsiýetli horeografik çykyşlary öz içine alýan ýörite medeni maksatnamany taýýarlapdyrlar. Täze ýylyň hormatyna dabara gatnaşyjylara süýjülik torty hödürlenildi. Serdar Berdimuhamedow hemmeleri ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlady we täze — 2024-nji ýylda ähli arzuwlaryň hasyl bolmagyny arzuw etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir