Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen rapid boýunça dünýä çempionatynda bäşinji gezek ýeňiji boldy. Ýaryş Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi. Karlsen 13 tapgyrda hiç hili utulmazdan on utuk gazandy. Öň, norwegiýaly türgen 2014, 2015, 2019 we 2022-nji ýyllarda ýaryşda ýeňiji bolupdy. 29 – 30-njy dekabrda Özbegistanyň paýtagtynda blitz boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Ýaryşyň häzirki çempiony Karlsendir. Ýatlap geçsek, Karlsen klassyky küşt boýunça 16-njy dünýä çempiony. Ol geçen ýyl Ýan Nepomnýaşä garşy tituly goramakdan ýüz öwürdi. Netijede, çempionlyk oýnunda russiýaly türgen hytaýly Din Ližen bilen duşuşdy we taý-breýkde ondan utuldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir