«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri ýyly üstünlikli jemleýärler. Bu barada «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Turkmenportala» habar berdi. Arkadag şäherinde sanly ulgamlary we programmalary, döwrebap çözgütlerini guramak işlerine «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri bilen bir hatarda, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň 300-den gowrak talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar, Startaplar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen agentlik tarapyndan her ýylda «Sanly çözgüt» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini geçirip, ony «Türkmentel» halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň çäklerinde jemlemek agentligiň asylly däbine öwrüldi. 2020-nji ýyldan bäri her ýylda, ýokary guramaçylykly geçirilýän «Sanly çözgüt» atly innowasion bäsleşigine, häzirki wagta çenli ýaş programmistler tarapyndan 1000-lerçe IT taslamalar hödürlendi. 2022-nji ýylda bäsleşige ýaş höwesjeňleriň 250-ä golaýy gatnaşan bolsa, bu ýyl 320-ä golaý ýaşlar öz innowasion taslamalary bilen bäsleşige gatnaşdylar. Her ýylda, ýokary guramaçylykly geçirilýän «Sanly çözgüt» atly innowasion bäsleşiginiň baş maksady, adam durmuşyny aňsatlaşdyrmak üçin tehnologiýalary yzygiderli ösdürmekden hem-de şol kämil we çylşyrymly tehnologiýalardan peýdalanyp, täze sanlylaşdyrylan döwri kemala getirmekden ybaratdyr. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça ygtyýarly edara diýlip tassyklanan «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen, bu ugurda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi bolan, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ýanynda «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýeti ýokary derejeli IT hünärmenleri taýýarlar.