Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň jemleýji 27-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berdi. Geçirilen duşuşyklarda “Nebitçiniň” ýaşlar düzümi blen “Şagadam II” topary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnady. Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Ahal II” myhmançylykda “Altyn Asyryň” ýaşlar düzümini 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Şeýlelikde, birinjiligiň jemi boýunça “Altyn Asyr II” topary bassyr bäşinji gezek çempionlyk derejesini gazandy. Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde “Ahal II” bilen “Aşgabat II” toparlary ornaşdylar. Geçirilen duşuşyklaryň yzysüresi paýtagtymyzdaky “Sport toplumy” stadionynda ýeňiji bolan toparlaryň sylaglanyş dabarasy bolup geçdi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen sylag gowşurylyş dabarasynda birinjiligiň jemi boýunça ilkinji üç orny eýelän toparlara baýraklary TFF-niň başlygynyň orunbasarynyň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Berdimyrat Nurmyradow gowşurdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir