Türkmenistanda 1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sankt-Peterburgda iş saparynda bolmagynyň dowamynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Duşuşyk başlanmazdan öň foruma gatnaşyjylar Sankt-Peterburgyň gözel künjeklerine, hususan-da «Pawlowsk», «Sarskoýe Selo» we «Petergof» döwlet muzeý-goraghanalaryna baryp gördüler. Günüň ikinji ýarymynda Konstantin köşgünde resmi däl sammit geçirildi. Döwlet Baştutanlary sebit we halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar. Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Aşgabat şäherine uçdy. 2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň «Baykar» we «BMC Otomotiv» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar goranmak ulgamynda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, duşuşykda türk kompaniýasynyň goranyş senagaty pudagyndaky teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda degişli ylalaşyklar gazanyldy. 3. Şu gün Türkmenistanda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň jemlerine bagyşlanan Halkara ylmy-amaly maslahatyň we köpugurly serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýän giň gerimli forum Aşgabadyň döredijilik toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary bilen açyldy. Maslahata gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutany ýurtda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny, ýaşlaryň döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşmaklary üçin amatly şertleriň döredilýändigini nygtady. Soňra myhmanlar Türkmenistanyň ýaşlarynyň ýylyň dowamynda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän köpugurly sergi bilen tanyşdylar. 4. Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda russiýaly estrada aýdymçylary Nýuşanyň we Aşgabatda doglan Olga Şultaýsyň konserti boldy. Russiýaly ýyldyzlaryň çykyşlary tans toparlarynyň goldamagynda geçirildi. Nýuşa we Olga Şultaýs türkmen tomaşaçylary üçin iň meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Dünýäde 5. Budapeştde şäher ilatyna Täze ýyl baýramçylygynda öýsüz haýwanlar saklanýan ýatakhanalaryň haýwanlaryny wagtlaýyn kabul etmäge mümkinçilik berýän başlangyç ýola goýuldy. Taslamanyň maksady ýalňyz adamlara baýramçylyk günlerinde dost tapynmaga we şatlanmagyny gazanmaga kömek etmekden ybaratdyr. Bu başlangyç yzygierli birnäçe ýyl bäri amala aşyrylýar. Guramaçylar haýwanlary yzyna gaýtaryp bolýandygyna garamazdan, köp adamyň olary yzyna gaýtarmaýandygyny aýdýarlar. «Kärendesine alnan» pişikler we itler köplenç täze maşgalalarynda galýarlar. 6. Taýlandly daýhan oba hojalygyna we sebitine jahankeşdeleriň ünsüni çekmek kararyna geldi. Munuň üçin onuň özi we kärdeşleri şaly meýdanyna asmandan pişikleriň suratyny görüp boljak şekilde ekin ekdiler. Daýhan özüniň bu işi sebite syýahatçylary, esasanam, pişikleri söýüjileri çeker diýip umyt edýär. Tohumlar suratkeş bilen bilelikde düzülen GPS koordinatlarynyň esasynda ekildi. Daýhan nahallaryň ulalmagy bilen olaryň reňkleriniň üýtgejekdigini belläp geçdi. Sport habarlary 7. «Altyn asyryň» ýaşlar topary 5-nji gezek futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiji boldy. «Türkmenaragatnaşyk» agentligiň topary ýaryşyň tamamlanmagyna birnäçe tapgyr galanda ikinji orunda barýan «Ahal» toparyndan 6 utuk öňe saýlandy. «Aşgabat» topary bolsa üçünji ýeri eýeledi. 8. Özbegistan milli ýygyndysynyň we Moskwanyň «SSKA» toparynyň ýarymgoragçysy Abbosbek Faýzullaýew öz ýurdunda ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. 20 ýaşly Faýzullaýew 2023-nji ýylyň awgust aýyndan bäri «SSKA» toparynda çykyş edýär. Bu möwsümde ol harbylaryň toparynda 24 oýna gatnaşyp, 4 pökgi geçirdi we 10 ýardam pasyny berdi. Ondan öň Faýzullaýew Daşkendiň «Pahtakor» toparynda çykyş edýärdi. Milli ýygyndynyň düzüminde ol 8 oýna gatnaşyp, 2 pökgi geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir