Ýurduň milli futbol çempionatynyň taryhynda özboluşly rekord goýup, çempion bolmagyň hötdesinden gelen Arkadag şäheriniň «Arkadag» topary Türkmenistanyň Kubogyny eýelemegi başardy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň «Arkadag» toparynyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempiony, şeýle-de Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolmagy mynasybetli gutlaglary kabul etdi. TDH-nyň habar bermegine görä, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa, N.Amannepesow, B.Amanow, B.Annamämmedow, T.Atahallyýew, B.Atdaýew, H.Geldimyradow, R.Meredow, M.Mämmedowa, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň jogapkär işgärleri, ýurduň sebitleriniň ýaşaýjylarynyň adyndan welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň häkimleri, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini «Arkadag» toparynyň üstünlikleri bilen gutlap, döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, alyp barýan il-ýurt bähbitli parasatly işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler. Bedenterbiýäni we sporty has-da ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri bolan täze Arkadag şäherinde 2023-nji ýylda futbol toparynyň döredilmegi ýurduň sport durmuşynda uly waka boldy we sportuň bu görnüşiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly itergi berdi. «Arkadag» futbol toparynyň ilkinji ýylda Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklarynda we Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ajaýyp ýeňişleri gazanmagy onuň geljeginiň uludygyny aýdyň görkezýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir