«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginde işler ýokary guramaçylykly dowam edýär. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynyň önümçilik meýilnamasy 101,1 göterim berjaý edildi. Bu barada welaýat neşirinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, geçen on bir aýda kärhana boýunça 47 müň 200 tonna un öndürmek meýilleşdirilipdi. Bu görkeziji 47 müň 680 tonna ýetirildi. Şeýle-de ýarma önümleriniň 4 müň 986 tonnasy öndürildi. Onuň 3 müň 656 tonnasy tüwi, 1 müň 330 tonnasy bolsa bugdaý ýarmasydyr. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi 43 million 169 müň 544 manatlyga deň boldy. Ösüş depgini 100,9 göterime barabar boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir