Güýçli çabgalar netijesinde Germaniýada birnäçe derýanyň suwy kenardan agyp, ilatly ýerleriň köpüsini göçürmeli boldy. Bu barada «Euronews.com» habar berdi. Ýurduň Týuringii we Aşaky Saksoniýa sebitlerinde ýaşaýjylar çabga guýýandygy üçin Roždestwoda öýlerini terk etmeli boldular. Adaty bolmadyk ýagynlar netijesinde elektrik geçirijileri we lagym ulgamlary bozuldy. Goňşy Çehiýada hem çakdanaşa çygly howa, käbir etraplarda ýokary işjeňlik düzgüni saklanýar. Ýerli häkimiýetleriň baha bermegine görä, bu ýagynlardyr buzuň eremegi bilen bagly. Pragada paromlaryň işi saklandy. Niderlandlarda-da suwuň derejesiniň ýokarlanmagyny gözegçilikde saklaýarlar. Ýagyşdyr çabganyň üznüksiz ýagmagy sebäpli, kenaryndan agjak bolýan derýalaryň ýakalaryndaky etraplara aýratyn gözegçilik dowam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir