Täze ýylyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi ýurduň işewürlik jemgyýetçiliginiň wekilleri üçin baýramçylyk dabarasyny gurady. Bu şowhunly çäre paýtagt şäheriň restoranlarynyň birinde geçirilip, oňa 600-den gowrak myhman gatnaşdy. TSTB-niň möhüm wezipeleriniň biri telekeçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmakdyr. Munuň üçin bolsa Birleşme tejribeleri we bilimleri alyşmaga gönükdirilen bilim çärelerini, maslahatlary, seminarlary hem-de beýleki duşuşyklary yzygiderli guraýar. Bu çäreler telekeçilere häzirki zaman ykdysadyýetinde öz işini ilerletmek üçin degişli bilimleri we başarnyklary özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Baýramçylyk agşamy ýakymly dostlukly gurşawda geçdi. Dabaranyň hormatly myhmanlarynyň hatarynda ýurduň iri kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de görnükli media hünärmenleri we PR-agentlikliginiň işgärleri bardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir