Özbegistan we Gyrgyzystan 2024-nji ýyldan başlap, bilelikde awtoulaglaryň 12 kysymynyň önümçiligini ýola goýmakçy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň ykdysadyýet we telekeçilik ministri Daniýar Amangeldiýew habar berdi diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine salgylanýan «Trend» ýazýar. Amangeldiýew häzirki wagtda «UzAwtoSanoat» kompaniýasy bilen bilelikde «Altyn-Tulpar» atly awtoulag ýygnalýan zawody işe goýbermäge taýýarlyk görülýändigini habar berdi. Zawod öz işine geljek ýyl başlar diýlip garaşylýar.Taslama Özbek-Gyrgyz ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Taslamany umumy 30 müň awtoulag we telekeçilik tehnikalaryny öndürmek maksady bilen, durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir